Baş Assambleýa BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl bäş agzasyny saýlady

  • 08.06.2023 10:55
  • 4.8k+

6-njy iýunda BMG-niň Baş Assambleýasy BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl bäş agzasynyň saýlawlaryny geçirdi. Gündogar Ýewropa toparyndan bir orun üçin iki ýurt dalaş etdi - Sloweniýa 153 ses, Belarus - 38 ses aldy. 2024-nji ýylyň ýanwaryndan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşine Sloweniýadan başga-da, Alžir, Gaýana, Koreýa Respublikasy we Sýerra Leone hem goşular. Olar Geňeşiň hemişelik däl beýleki bäş agzasynyň - Gabonyň, Gananyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Albaniýanyň we Braziliýanyň ornuny tutarlar.

Howpsuzlyk Geňeşine geçirilen saýlawlarda dalaşgär ýygnananlaryň we gizlin ses berenleriň sesleriniň üçden iki bölegini almaly. Munda zaýalanan býulletenler hasaba alynmaýar.
Howpsuzlyk Geňeşine 15 ýurt gatnaşýar, olaryň bäşisi - Hytaý, Fransiýa, Russiýa, Beýik Britaniýa we ABŞ - Geňeşiň hemişelik agzalary. Baş Assambleýa, dalaşgäriň halkara parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, şeýle hem geografiki taýdan adalatly paýlanyşa gatnaşyş derejesini göz öňünde tutup, Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalary hökmünde beýleki 10 ýurdy saýlaýar.
Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalary iki ýyllyk möhlete saýlanýar, şondan soň agzalykdan çekilýän ýurt derrew gaýtadan saýlanyp bilinmez.


23.06.2026 14:40
2.6k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

18.06.2026 09:55
888

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......

09.06.2026 12:22
2.7k+

Günorta Koreýada tehnoägirtlere aşa ýokary girdejiniň bir bölegini paýlaşmak teklip edildi

Günorta Koreýanyň Zähmet ministri Kim Ýon Hun iri tehnologiýa kompaniýalaryna salgytlar tölenenden soň galýan aşa ýokary girdejileriniň bir bölegini haryt üpjün edijilere, potratçylara we öz işgärlerine......

06.06.2026 14:06
2.8k+

Sloweniýanyň parlamenti Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky täze hökümeti tassyklady

Sloweniýanyň parlamenti Slowen demokratik partiýasynyň lideri Ýanez Ýanşanyň ýolbaşçylygyndaky ýurduň täze hökümetini tassyklady. Bu barada Euronews teleýaýlymy habar berýär....