«Mançester Siti» iň gymmat futbol brendi hökmünde «Realdan» öňe geçdi

  • 07.06.2023 12:27
  • 12k+

Dört möwsümde ilkinji gezek dünýäniň iň gymmat futbol brendleriniň sanawynda lider üýtgedi: iňlisleriň “Mançester Sitisi” Madridiň “Realyny” birinji setirden düşürdi. Ýatlatsak, ýazyň ahyrynda "ManSiti" we "Real" Çempionlar ligasynyň ýarym finalynda duşuşdy, şonda Hosep Gwardiolanyň topary Ispaniýanyň öňki çempionlaryny esasy Ýewropa ýaryşyndan utup çykardy. Indi iňlisler başga bir abraýly kategoriýada-da “Realdan” öňe geçdiler.

Däp bolşy ýaly, dünýä futbolynda iň gymmat brendleriň reýtingini meşhur Brand Finans konsalting kompaniýasy düzýär. Dört ýyl bäri bu klassifikasiýanyň başyny  Madridiň “Realy” çekip geldi, indi öň hatara Mançesteriň "şäherlileri" çykdylar.
“Mançester Siti” brendiniň umumy bahasy häzirki wagtda 1,51 milliard funt sterling bolup, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 13 göterim ýokarlandy. “Real” biraz -1,46 milliard funt sterling  yzda, “Patyşa klubunda” hem ösüş boldy, ýöne o diýen uly däl. Sanawda üçünji orunda Ispaniýanyň täze çempiony "Barselona" (1,37 milliard ýewro) barýar. Öňdebaryjy futbol brendleriniň arasynda ilkinji 6-lykda iňlis “Mançester Ýunaýtedi” (1,36 milliard ýewro), “Liwerpul” (1,36 milliard) we Fransiýanyň “Pari Sen-Žermeni” (1,13 milliard) durýar.
Ýedinji ýer 11 gezek Germaniýanyň çempiony bolan “Bawariýa” (1,10 milliard ýewro) degişlidir. Iň gymmatly brendleriň ilkinji onlugynda Angliýanyň premýer-ligasyndan ýene üç topar bar: “Arsenal” (0.91 milliard), “Tottenham” (0,90 milliard) we Çelsi (0,86 milliard).


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....