Türkmenistan Hytaýa tebigy gaz eksportyny artdyrdy

  • 06.06.2023 12:14
  • 10k+

2023-nji ýylyň mart aýynda Türkmenistan Hytaýa, takmynan, 2,9 mlrd kub metr tebigy gaz ibermek bilen, eksport möçberini ýokarlandyrdy diýip, Trend habar berýär.

Resmi maglumatlara görä, görkezilen aýda gaz eksportynyň möçberi geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda (2,4 mlrd kub metr) 20,8% köp boldy.
Hytaý mart aýynda tebigy gazy, Türkmenistandan başga-da, Gazagystan (380 mln kub metr) we Özbegistan (140 mln kub metr) ýaly Merkezi Aziýa ýurtlaryndan import etdi.
Häzirki wagtda Türkmenistan öz gazyny Hytaýa Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň üsti bilen geçirilýän üç gaz geçirijisi arkaly iberýär. Bu gaz geçirijileriniň umumy kuwwaty ýylda 55 mlrd kub metr gaza barabar.
Şeýle-de, 2022-nji ýylyň fewral aýynda Türkmenistan bilen Hytaýy birleşdirjek gaz geçirijisiniň dördünji liniýasynyň gurluşygy ylalaşyldy. Bu liniýa ulanylyşa girizilenden soň, Türkmenistandan Hytaýa ýyllyk gaz üpjünçiliginiň mukdarynyň 65 mlrd kub metre çenli ýokarlanmagyna garaşylýar.


düýn 19:01
3.5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...