OPEC+ 2024-nji ýylda nebit önümçiligini azaltmagy ylalaşdy

  • 05.06.2023 20:23
  • 7k+

Wenadaky ýygnakdan soň, OPEC+ ýurtlary 2024-nji ýyldan başlap her gün 40,46 million barrele barabar nebit öndürmek barada kwotany tassyklady diýip,  guramanyň web sahypasyndaky habarnamada aýdylýar.

Russiýanyň OPEC+ boýunça 2024-nji ýyldaky kwotasy günde  9,8 million barrele, Saud Arabystanynyňky - günde 10,5 million barrele barabar bolar.
Angola üçin maksatly önümçiligiň derejesi 1,3 million barrele, Nigeriýa üçin - 1,4 milliona, Alžir üçin - 1 milliona, Kongo üçin - 276 müňe, Gabon üçin - 177 müňe çenli peseler. Ozal The Wall Street Journal gazeti Er-Riýadyň birnäçe afrika ýurduna önümçiligi azaltmak baradaky haýyş bilen ýüz tutandygyny, ýöne olaryň ylalaşyga gelip bilmändigini habar beripdi.
OPEC-iň beýannamasynda "nebit bazaryndaky durnuklylygy gazanmak we goldamak" üçin kararyň kabul edilendigi bellenýär. Indiki duşuşyk 26-njy noýabrda geçiriler.


20.06.2026 11:54
5.3k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.6k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2.1k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......