Aşgabatda Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda welosipedli ýöriş geçirildi

  • 04.06.2023 10:13
  • 16k+

3-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow Bütindünýä welosiped güni mynasybetli geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşdy.

Bu çärä Aşgabadyň we welaýatlaryň ýaşaýjylarynyň müňlerçesi gatnaşdy. 
Belläp geçsek, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 82-nji plenar mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan eden Kararnama kabul edildi. Munuň özi Türkmenistanyň sporty we bedenterbiýede sagaldyş hereketini, bu ulgamda döwletleriň we halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmekde eýeleýän öňdebaryjy ornuna dünýä bileleşiginiň ýokary baha berýändiginiň subutnamasydyr. 
Serdar Berdimuhamedowyň Bütindünýä welosiped gününe gabatlanyp geçirilýän baýramçylyk çärelerine gatnaşmagy bolsa diňe bir bu wakanyň derejesini artdyrmak bilen çäklenmän, milletiň saglygy bilen baglanyşykly ähli taslamalaryň ähmiýetini ýokarlandyrýar, beden, ruhy we ahlak sandynlygynyň kämil milli ulgamyny kemala getirmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň subutnamasy bolup hyzmat edýär.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......