Dueýn Jonson Lýuk Hobbs hakyndaky ýeke-täk filmi bilen “Forsaža” gaýdyp geler

  • 03.06.2023 17:11
  • 15k+

«Forsaž 10-da» gytaklaýyn surata düşürilenden soň, Dueýn Jonson franşiza doly derejede gaýdyp geler. Aktýor sosial ulgamlarda yglan edişi ýaly, Lýuk Hobbs hakyndaky ýeke-täk taslamada baş keşbi janlandyrýar.

Bu gahryman “Forsažyň" bäşinji, altynjy, ýedinji we sekizinji bölümlerinde, şeýle hem Jeýson Steýtemiň Jonsonyň hyzmatdaşy hökmünde çykyş eden “Hobbs we Şou” filmlerinde peýda boldy. Çeşmäniň maglumatlaryna görä, täze film onuň dowamy däl-de, aýratyn taslama bolar. Edebi esasyny ýazan Kris Morgan.
“Forsaž 10” dünýäde 500 million dollar gazandy. Tomaşaçylara ýaryşçy Dominik Toretto (Win Dizel) we maşgalasy barada azyndan ýene iki sany jemleýji film hödürlener.


02.02.2026 16:21
7.1k+

«Forsažyň» jemleýji bölüminiň çykjak senesi belli boldy

«Universal» studiýasynyň «Forsaž» kinosagasynyň iň soňky bölümi 2028-nji ýylyň 17-nji martynda amerikan prokatyna çykar. Bu barada «Deadline» neşiri habar berýär. Seriýanyň on birinji filmi resmi taýdan «Forsaž ebedi» (Fast Forever) diýlip atlandyryldy...

01.07.2025 14:08
7.9k+

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsažyň” iň soňky filminde peýda bolar

Merhum Pol Uokeriň gahrymany “Forsaž” film sagasynyň soňky bölüminde ýene peýda bolar. Muny Win Dizel Los-Anjelesdäki festiwalda mälim etdi. Onuň sözlerine görä, Braýan O'Konneriň keşbi ilkinji görkezilişi 2027-nji ýylyň aprelinde çykmagy meýilleşdirilýän jemleýji filmde gaýdyp geler...

17.03.2025 18:36
7.1k+

“Forsaž 7-däki” Jeýson Stethemiň baggisi 40 750 dollara satyldy

“Forsaž 7” filminden belli bolan “Fast Attack” baggisiniň täze eýesi peýda boldy. Jeýson Stethemiň süren ulagy Bring a Trailer portalynda geçirilen auksionda 40 750 dollara satyldy. “Ýörite surata düşüriş üçin...

06.02.2025 12:14
7.9k+

“Forsaž” kinofranşizasynyň ýyldyzlary doňdurmanyň mahabatynda surata düşdüler

“Forsažyň” ýyldyzlary ýaryş ýollaryny asuda doňdurma iýmek bilen çalyşdylar. Win Dizel, Mişel Rodrigez we Ludakris Amerikanyň Häagen-Dazs brendiniň doňdurmasyny mahabat etmek üçin ýaryşlar dessanyndaky keşplerinden...