3-nji iýunda Aşgabadyň käbir köçelerinde awtoulaglaryň hereketi çäklendiriler

  • 02.06.2023 15:53
  • 26k+

3-nji iýunda Aşgabatda Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanan welosipedli ýöriş mynasybetli Çandybil köçesinde bölekleýin, Bitaraplyk şaýolunda bolsa – dolulygyna awtoulaglaryň hereketini çäklendirmek meýilleşdirilýär.

ORIENT agentliginiň welosipedli ýörişi guraýjylara salgylanyp habar bermegine görä, ýöriş Çandybil köçesindäki «Welosiped» monumentinden başlanar we Bitaraplyk şaýoly boýunça dowam eder.
Uzynlygy 11 km bolan welomarafon Bitaraplyk we Galkynyş şaýollarynyň çatrygynda tamamlanar. Karta bilen aşakda ýerleşdirilen suratda jikme-jik tanşyp bolýar.
Şäheriň galan böleginde şol güni awtoulagyň hereketini çäklendirmek göz öňünde tutulmaýar.


düýn 16:30
543

Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi

12-nji iýunda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bilelikdäki türkmen-awstriýa toparynyň 13-nji mejlisi geçirildi. Oňa ýurduň döwlet düzümleriniň, işewür toparlarynyň wekilleri hem-de Awstriýa......

düýn 12:20
705

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

11.06.2026 22:20
6.7k+

Türkmenistan Maldiwlere özüniň ilkinji ilçisini belledi

Türkmenistanyň Hindistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şalar Geldynazarow, şol bir wagtyň özünde ýurduň Maldiwler Respublikasyndaky diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy wezipesine......

11.06.2026 13:44
3.4k+

Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň daýhanlary galla oragyna girişdi

Türkmenistanda galla oragy möwsümi işjeň dowam edýär. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ak pata bermegi bilen, Daşoguz we Balkan welaýatlarynyň ekerançylary hem 10-njy iýunda bu möhüm işe......