Forbes dünýäniň iň gymmat futbol klublaryny belli etdi

  • 02.06.2023 01:17
  • 22k+

Madridiň “Realy” dünýädäki iň gymmat futbol kluby boldy. Bu barada “Forbes” neşiriniň saýtynda ýerleşdirilen reýtinge salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Çeşmäniň maglumatlaryna görä, “Realyň” bahasy 6 mlrd 70 mln dollar bilen bahalandyrylýar. “Klasiko” boýunça madridlileriň garşydaşy “Barselona” sanawda üçünji orny eýeleýär (5,51 mlrd dollar), ikinji orunda bolsa Angliýanyň “Mançester Ýunaýted” kluby ýerleşýär (6 mlrd).
Sanawyň ilkinji onlugynda ýene Angliýadan bolmadyk diňe iki klub bar – Mýunheniň “Bawariýasy” (4,86 mlrd, 6-njy orun) we Fransiýanyň “Pari Sen-Žermen” kluby (4,21 mlrd, 7-nji orun). Dördünji orny Liwerpul (5,29 mlrd) eýeleýär, ilkinji bäşligi “Mançester Siti” jemleýär (4,99 mlrd). Sekizinji orny Londonyň “Çelsisi” (3,1 mlrd), dokuzynjy orny “Tottenhem” (2,8 mlrd) we onunjy orny “Arsenal” (2,26 mlrd) eýeledi.
Italiýanyň iň gymmat kluby bolan Turiniň “Ýuwentusy” 11-nji orunda ýerleşdi (2,16 mlrd). Reýtingiň ilkinji otuzlygyna Angliýadan (12 topar), Ispaniýadan (3), Italiýadan (4), Germaniýadan (2), Fransiýadan (2) we Demirgazyk Amerikanyň MLS-inden (7) klublar girdi.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....