Makgregor tälimçilik karýerasyna başlamak isleýär

  • 01.06.2023 14:19
  • 19k+

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony, irlandiýaly Konor Makgregor dolulygyna tälimçi wezipesine berilmäge taýýardygyny aýtdy.

Çarşenbe güni The Ultimate Fighter 31 şüweleňi badalga aldy, bu ýerde Makgregor we UFC-niň pälwany, amerikaly Maýkl Çendler ýaş pälwanlaryň tälimçisi bolýarlar.

"Bu oýna dolulygyna berilmegiň wagty geldi. Umuman, tälimçi wezipesine girişemde, bu işe başlanymda, adamlary türgenleşdirip ugranymda men munuň tehnikasy, nähili öwredýändigim, näme öwredýändigim, näme üçin öwredýändigim hakda oýlanmaga mejbur bolýaryn. Men özümi has gowy duýýaryn. Şonuň üçin bu ikitaraplaýyn proses, maňa-da kömek edýär. Bize köp zady beren oýna biziňem köp zat gaýtarmaga borçludygymyza ynanýaryn. Men öňdenem şeýle çemeleşmä eýerýän "-diýip, UFC Russia-nyň YouTube-kanaly Makgregoryň sözlerini getirýär .

Makgregor 34 ýaşynda. 2021-nji ýylyň iýulynda UFC 264-de amerikaly Dastin Porýe bilen üçünji söweşinde onuň aýagy döwüldi we şondan bäri ýekeje söweşe hem çykmady. Onuň hasabynda 22 ýeňiş we 6 ýeňliş bar we ozal ýeňil we ýarym ýeňil diwizionlarda UFC-niň çempionlyk guşaklaryny eýeledi.


düýn 18:58
8.1k+

Ak tamda UFC söweşleri geçiriler: ABŞ-da kazyýet ýaryşy makullady

ABŞ-da kazyýet Ak tamyň çäginde meýilleşdirilýän Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) tutluşyklaryny ýatyrmak baradaky şikaýat arzasyny ret edip, degişli çäräniň geçirilmegini makullady. Bu barada resminama......

07.06.2026 20:02
7.4k+

Gabriel Bonfim UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda Belal Muhammady ýeňdi

Braziliýaly türgen Gabriel Bonfim Los-Anjelesdäki «Apeks» arenasynda geçirilen UFC Fight Night 278 ýaryşynyň esasy tutluşygynda amerikaly garşydaşy Belal Muhammady ýeňdi....

03.06.2026 13:12
11k+

Makgregoryň we Holloweýiň söweşine petekler 240 sekuntda satylyp gutardy

Iki agram derejesinde öňki UFC çempiony Konor Makgregoryň hem-de Maks Holloweýiň arasyndaky söweşe petekler satuwa çykarylandan soň, bary-ýogy 240 sekundyň içinde dolulygyna satyldy. AS neşiriniň berýän......

02.06.2026 21:05
7.1k+

Usman Nurmagomedow PFL-iň çempionlyk titulyny Arçi Kolgana garşy söweşde gorar

Russiýaly söweşiji Usman Nurmagomedow 31-nji iýulda Nýu-Ýork şäherinde geçiriljek PFL ýaryşynda amerikaly Arçi Kolgan bilen duşuşar. PFL guramasy ýeňil agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrundaky bu......