«Galatasaraý» futbol boýunça Türkiýäniň çempiony boldy

  • 31.05.2023 17:34
  • 8.1k+

Futbol boýunça Türkiýäniň çempionatynyň 34-nji tapgyrynyň dowamynda «Galatasaraý» kluby «Ankaraguýju» kluby bilen duşuşdy. 

Duşuşyk «Galatasaraýyň» 4:1 ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. «Ankaraguýjudan» ýeke-täk goly Felisiu Milson (16-njy minut) geçirdi, «Galatasaraýdan Mauro Ikardi (7, 38), Baryş Ýylmaz (73), Serhio Oliweýra (78) tapawutlandy.
Şeýlelikde, «Galatasaraý» Türkiýäniň çempiony boldy.


düýn 07:26
9k+

«Barselona» «Realy» utup, 16-njy gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy

Saud Arabystanynda Ispaniýanyň Superkubogynyň final oýny geçirildi we Kataloniýanyň «Barselona» topary Madridiň «Realyny» 3:2 hasabynda utdy. «Barselona» bu kubogy yzygider ikinji ýyl aldy. Toparlar oýnuň birinji ýarymynda dört gol geçirdi, şolardan üç gol birinji ýaryma goşulan wagtda salyndy...

11.01.2026 21:20
3.9k+

Erling Holand yzygider altynjy gezek Norwegiýanyň iň gowy futbolçysy boldy

«Mançester Sitiniň» hüjümçisi Erling Holand 2025-nji ýylyň jemi boýunça Norwegiýanyň iň gowy futbolçysy diýlip ykrar edildi. Ol bu baýragy yzygider altynjy gezek alýar diýip, Norwegiýanyň futbol konfederasiýasynyň resmi saýtynda habar berilýär...

11.01.2026 20:13
5.1k+

Gwardiola taryhda transfer çykdajylary üçin 2 mlrd ýewrodan gowrak sarp eden ilkinji tälimçi boldy

«Mançester Sitiniň» baş tälimçisi Hosep Gwardiola futbol taryhynda klubuň transfer çykdajylaryny 2 mlrd ýewro ýetiren ilkinji tälimçi boldy. Bu barada Transfermarkt internet portaly habar berýär. «Mançester Siti» iki milliard ýewro görkezijisinden «Bornmutdan» ganaly winger Antuan Semenýony 72 mln ýewro satyn alandan soň geçdi – bu häzirki ýanwar aýyndaky transfer penjiresiniň iň uly şertnamasy boldy...

10.01.2026 18:57
5.1k+

«ManÝunaýted» işden çykaran tälimçileriniň öwez tölegine £100 mln töweregi sarp etdi

Angliýanyň «Mançester Ýunaýted» futbol kluby topardan ser Aleks Fergýuson gideni bäri tälimçileriň we olaryň kömekçileriniň öwez tölegine, takmynan, 100 mln funt sterling (115 mln ýewro) sarp etdi. Şeýle maglumaty The Telegraph neşiri berýär...