Kianu Riwz "Dogstar" rok-topary bilen 20 ýylyň içinde ilkinji gezek sahna çykdy

  • 30.05.2023 13:50
  • 7.4k+

Aktýor Kianu Riwz öz Dogstar topary bilen soňky 20 ýylda ilkinji konsertini berdi. Sazandalar BootleRock festiwalynda çykyş etdiler. Bu barada “Rolling Stone” ýazýar diýip, thecity.m24.ru habar berýär. Konsertden birnäçe wideo Internet torunda-da peýda boldy.

Riwzden, deprekçi we aktýor Robert Meýlhauzdan we wokalçy-gitaraçy Bret Domrouzdan düzülen topar Kaliforniýada geçirilen BootleRock festiwalynda 12 kompozisiýa ýerine ýetirdi.

“Men bilelikde oýnamagy küýsedim, bilelikde aýdym ýazmagy we çykyş etmegi küýsedim. Bu hemişe maňa ýetmeýän zatdy” – diýip, aktýor Kianu Riwz belledi.

Dogstar topary 1991-nji ýylda peýda bolup, on ýyldan gowrak wagt hereket etdi, bu döwürde sazandalar iki albom çykardylar. Kianu Riwz toparda basa we bek-wokala jogapkärdi.

düýn 20:14
2.2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 20:02
914

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

düýn 19:56
3.8k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

düýn 19:53
1.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......