Serdar Berdimuhamedow «Daewoo E&C Co., Ltd.» kompaniýasynyň başlygy bilen duşuşdy

  • 29.05.2023 23:24
  • 21k+

Şu gün, 29-njy maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň “Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.”  kompaniýasynyň esaslandyryjysy we müdiriýetiniň başlygy Jong Won-juny kabul etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň ýolbaşçysynyň biziň ýurdumyza şu gezekki saparynyň türkmen kärdeşleri bilen anyk netijeleriň gazanylmagyna gönükdirilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlary boýunça pikir alyşmak üçin oňyn mümkinçilik açjakdygyna ynam bildirildi.
Himiýa senagaty hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi, bu pudagy ösdürmegiň milli strategiýasy ýerli çig malyň netijeli peýdalanylmagyna, içerki we daşarky bazarlarda uly islege eýe bolan ýokary hilli önümleriň öndürilmegine gönükdirilendir.
«Türkmenhimiýa» döwlet konserni bilen «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd.» kompaniýasynyň arasynda bu ugurda ýola goýlan netijeli gatnaşyklar üstünlikli hyzmatdaşlygyň oňyn mysaly hökmünde getirildi. Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek, hususan-da, fosfor, ammiak  hem-de karbamid dökünlerini öndürmek boýunça taslamalary düzmek we olary gurmak boýunça koreý hyzmatdaşlarynyň tekliplerine garamaga taýýardygy bellenildi.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......