Dünýäde eplenýän smartfonlaryň meşhurlygy artýar

  • 29.05.2023 14:01
  • 11k+

2023-nji ýylyň ahyryna çenli eplenýän smartfonlaryň üpjünçiligi 19,8 mln birlige ýeter, bu bolsa geçen ýyldaky 12,8 mln gurluş görkezijisinden 55% köpdür. Bu barada TrendForce analitik kompaniýasynyň täze hasabatynda aýdylýar diýip, gazeta.ru habar berýär.

Eplenýän smartfonlaryň meşhurlygynyň ýokarlanmagyna OLED ekranlary we ýörite şarnirler ýaly esasy komponentleriň bahasynyň arzanlamagy täsirini ýetirýär. Bu bölekleriň arzanlamagy bolsa smartfonlaryň ahyrky bahasynyň arzanlamagyna getirýär.
Şeýle-de, bahanyň arzanlamagyna we meşhurlygyň ösüşine barha ýitileşýän bäsdeşlik hem täsir edýär. Samsung henizem eplenýän gajetleri bazara ibermekde öňdebaryjylygy saklaýar, ýöne Huawei hem lideriň yzyndan ýetmäge ymtylýar. Şeýle-de, soňky birnäçe ýylda bu ýaryşa Oppo, Vivo, Xiaomi, Honor we Tecno ýaly brendler hem goşuldy.
TrendForce-yň maglumatlaryna görä, 2020-nji ýylda tutuş smartfon bazarynyň bary-ýogy 0,4%-i çeýe ekranly smartfonlaryň paýyna düşýärdi. 2023-nji ýylda bu görkeziji 1,7%-e çenli ýokarlanar. 2027-nji ýylyň ahyryna çenli bolsa “eplenýänler” smartfon bazarynyň 5,3%-ini eýelär.

şu gün 10:41
76

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
269

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.4k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......