Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlandy

  • 29.05.2023 08:38
  • 27k+

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan ýurduň döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda taryhy ýeňiş gazandy. Türkiýe Respublikasynyň döredilmeginiň ýüz ýyllygynyň bellenilýän ýylynda Ärdogan geljek bäş ýyl üçin prezident saýlandy.

Merkezi saýlaw toparynyň deslapky maglumatlaryna görä, Ärdogan sesleriň 99,43%-i işlenenden soň, 52,15% ses aldy. Onuň garşydaşy — oppozisiýadan Kemal Kylyçdaroglu 47,86% ses aldy.
Anatoliýa agentliginiň maglumatlaryna görä, ýene-de 400 müň töweregi sesler işlenilmeli. Emma olaryň netijeleri ahyrky netijä düýpli täsir edip bilmez. Prezident saýlawlarynyň, şeýle hem 14-nji maýda geçen parlament saýlawlarynyň resmi netijelerini Merkezi saýlaw topary 1-nji iýunda yglan etmegi meýilleşdirýär.
69 ýaşly Ärdogan üçin bu prezident wezipesinde üçünji möhlet bolup durýar. Ondan öň ol 2014-nji, 2018-nji ýylda prezident saýlanypdy.


şu gün 14:16
1.2k+

Aklawçy Abelardo de la Espriella Kolumbiýanyň täze prezidenti boldy

Kolumbiýada geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynyň netijelerine görä, aklawçy Abelardo de la Espriella ýeniji boldy....

13.06.2026 12:20
1.1k+

Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi

11-nji iýunda Türkiýäniň Denizli şäherinde türkmen-türk işewürlik forumy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär....

08.06.2026 15:17
4.1k+

Nikol Paşinýanyň partiýasy Ermenistanda geçirilen parlament saýlawlarynda ýeňiş gazandy

Ermenistanda häkimiýet başynda duran, ýurduň häzirki premýer-ministri Nikol Paşinýanyň «Raýat şertnamasy» partiýasy parlament saýlawlarynda sesleriň 49,81 göterimini gazandy. «News.am» agentliginiň habar......

05.06.2026 17:31
1.9k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......