Aşgabatda «Merkezi Aziýa — ÝB» formatynda Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň duşuşygy geçirildi

  • 28.05.2023 10:13
  • 8.5k+

26-njy maýda Türkmenistanyň daşary syýasy edarasynyň binasynda “Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşigi” formatynda Owganystan boýunça Ýörite wekilleriň dördünji duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Wekilçilikli forumyň işine Ýewropa Bileleşiginiň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň Owganystan boýunça ýörite wekilleri hem-de Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili gatnaşdylar. Duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili we BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň ýolbaşçysy R.Otunbaýewa, Türkmenistanyň Owganystandaky ilçisi, Türkmenistanyň Hyrat we Mazary-Şerif şäherlerindäki baş konsullary, şeýle hem wideoulgam arkaly Bütündünýä Bankynyň Owganystandaky we Gazagystandaky şahamçalarynyň müdirleri gantaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda sebit howpsuzlygynyň we ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, şeýle hem Owganystandaky durmuş-ykdysady meseleler boýunça özara pikir alyşmalar geçirildi.
Bu duşuşyk Owganystandaky wakalar we ykdysady ýagdaý barada maglumat alyşmaga, şeýle-de özara gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi.
Şeýle-de Owganystanyň dikeldilmegi hem-de bu ýurduň ählumumy gatnaşyklar ulgamyna goşulmagy bilen bagly umumy taslamalary amala aşyrmakda ýakyn özara hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirildi.
Duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi.


düýn 18:54
3.6k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

düýn 17:39
1.7k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......