3-nji iýunda Türkmenistanda köpçülikleýin welosipedli ýörişleri geçirmäge taýýarlyk görülýär

  • 27.05.2023 11:48
  • 14k+

3-nji iýunda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Türkmenistan boýunça köpçülikleýin welosipedli ýörişleri hem-de bedenterbiýe-sport çärelerini geçirmek boýunça taýýarlyk işleri görülýär. Bu barada wise-premýer N.Amannepesow Hökümet mejlisiniň barşynda habar berdi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda döredilen Bütindünýä welosiped güni ynanyşmak we özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanýan netijeli halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmaga, şeýle hem bedenterbiýäni we sporty giňden wagyz etmäge uly mümkinçilikleri açýar.
Serdar Berdimuhamedow ekologik taýdan arassa sport görnüşi hökmünde welosiped sportunyň tutuş dünýäde, aýratyn-da, ýurdumyzda meşhurlygynyň barha artýandygyny belläp, meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.


14.05.2026 15:38
2.1k+

Gandinagarda geçirilýän Aziýa çempionaty — 2026-da alty türkmen ştangaçysy çykyş eder

Hindistanyň Gandinagar şäherinde başlan agyr atletika boýunça Aziýa çempionaty — 2026-da Türkmenistana alty sany türgen wekilçilik eder....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

17.04.2026 09:31
23k+

«Söweş – meniň ömrüm!» Döwletjan PFL Belfast ýaryşynda Taýson Pedrodan rüstem geldi

Türkmen söweşijisi Döwletjan Ýagşymyradow Demirgazyk Irlandiýanyň paýtagtynda şu gün irden geçirilen PFL Belfast ýaryşynda awstraliýaly Taýson Pedrony ýeňmegi başardy....

15.04.2026 07:29
6.8k+

Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça Aziýa çempionatynda bürünç medal gazandy

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby Alp Arslan Begenjow 86 kg çenli agram derejesinde erkin göreş boýunça geçirilen Aziýa çempionatynda üçünji orny eýeledi....