Türkmenistan GDA ýurtlarynyň II oýunlaryna 9 görnüş boýunça gatnaşar

  • 27.05.2023 10:20
  • 5k+

Şu ýylyň 4-nji awgustdan 14-nji awgusta aralygynda geçiriljek GDA ýurtlarynyň II Oýunlarynda türkmenistanly türgenler birbada dokuz görnüşde ýurdumyza wekilçilik ederler. Türkmen türgenleri sportuň agyr atletika, sambo, karate, dzýudo, sport göreşi, boks, ýeňil atletika, ýüzmek we taý boksy ýaly görnüşleri boýunça çykyş ederler. Bu barada ORIENT agentligi Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetine salgylanyp habar berýär. 

Ýaryşlara alty müňden gowrak adamyň gatnaşmagyna garaşylýar, olardan 4 müň türgen sportuň 20 görnüşinde medallar ugrunda bäsleşer, 900 tälimçi, 800 emin, 600 lukmançylyk işgäri we 200 wekiliýetleriň wekilleri gatnaşar.
Sportuň köp görnüşlerinde ýaş atletler sylaglar ugrunda göreşerler, uly türgenler çeper gimnastikada, kenar futbolynda, samboda, agyr atletikada we otuň üstünde oýnalýan hokkeýde medallary gazanarlar.
Şu günki güne çenli Oýunlara gatnaşýandyklaryny: Türkmenistan, Azerbaýjan, Ermenistan, Gazagystan, Hytaý, Kuba, Gyrgyzystan, Liwan, Malaýziýa, Russiýa, Täjigistan, Özbegistan, Eýran, Müsür tassykladylar.
Şeýle hem Albaniýadan, Bahreýnden, Bolgariýadan, Braziliýadan we beýleki ýurtlardan bolan türgenleriň käbir görnüşlere gatnaşmaklaryna garaşylýar.


22.06.2026 17:52
4.8k+

Ulan-Batordaky ýaryş jemlendi: dzýudoçy Maýsa Pardaýewa bürünç medal gazandy

Türkmen dzýudoçysy Maýsa Pardaýewa 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa oýunlaryna saýlama tapgyrynyň ilkinji tapgyry bolan Ulan-Batordaky «Uly tuwulga» ýaryşynda 57 kg çenli agram derejesinde......

18.06.2026 14:40
4.4k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

17.06.2026 13:03
17k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

11.06.2026 08:03
3.4k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....