Mercedes-Benz dünýä boýunça 23 müň 500 ulagyny yzyna ýygnaýar

  • 26.05.2023 15:21
  • 32k+

German awtoulag öndürijisi Mercedes-Benz seresaplylyk çäresi hökmünde dünýäde 23 müň 500 töweregi ulagy yzyna çagyrýar. TASS-nyň habar bermegine görä, bu barada penşenbe güni DPA gullugy tarapyndan GFR-iň Ulag serişdeleriniň meseleleri boýunça federal müdirligine salgylanyp habar berildi.

Hasabatda programma üpjünçiligindäki köne sazlamalar sebäpli hereketi durnuklaşdyrmak ulgamynyň we tormozlananda tekerleriň gulplanmagynyň öňüni alýan ulgamyň bozulmagy bilen bagly teoretiki howp bar diýilýär. Mesele programma üpjünçiliginiň täzelenmegi bilen çözülýär.
Yza çagyryş 2020-2021-nji ýyllarda öndürilen S-Class ulaglaryna degişlidir.


20.06.2026 12:20
4.1k+

Mercedes Berlinde okly magnit akymly hereketlendirijileri öndürýän zawody açdy

Mercedes-Benz Berliniň Mariýenfelde etrabynda okly magnit akymly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän kärhanany açdy. Bu tehnologiýa eýýäm Mercedes-AMG GT 4-Door Coupe nusgasynda ulanylýar....

03.06.2026 11:52
7.4k+

1991-nji ýylyň seýrek duşýan Mercedes-Benz 560SEL AMG modeli $165 müňe satyldy

ABŞ-da geçirilen auksionda 1991-nji ýylda öndürilen seýrek duş gelýän Mercedes-Benz 560SEL 6.0 AMG sedany satyldy. Alyjy AMG-yň zawod kämilleşdirmelerini alan bu awtomobil üçin 165 müň dollar töledi diýip,......

23.05.2026 15:59
5.1k+

Mercedes-Benz 98%-e çenli netijeli Bosch elektrik motorlaryna geçýär

Bosch kompaniýasy täze elektrik awtoulaglaryny elektrik motorlary bilen üpjün etmek boýunça Mercedes-Benz bilen uzak möhletli şertnama baglaşdy. Ylalaşyk azyndan 2030-njy ýyllara çenli möhlete niýetlenen....

21.05.2026 09:35
2.2k+

Täze Mercedes-AMG GT reňkini üýtgedýän üçege we 1169 at güýjüne eýe boldy

Mercedes-AMG kompaniýasy üç sany oklaýyn (aksial) elektrik motory bolan we 1169 at güýji kuwwatyny öndürýän täze elektrikli AMG GT 4-Door Coupe sport sedanyny tanyşdyrdy diýip, «The Verge» neşiri habar berýär....