Tutuş dünýäde millionlarça HP printerleri kompaniýanyň ýalňyşlygy sebäpli işlemegini bes etdi

  • 25.05.2023 10:09
  • 13k+

Amerikanyň Hewlett-Packard (HP) kompaniýasy resmi programma üpjünçiliginiň täze wersiýasynda girizen üýtgeşmeleri sebäpli bütin dünýäde öz öndüren millionlarça printeriniň işlemegini bes edendigini boýun aldy. Bu barada BleepingComputer tarapyndan habar berildi.

Ulanyjylar enjamlarynyň sensor ekranynda "83C0000B" ýalňyşlygy görkezýän gök ekranlaryň çykýandygyny habar berdiler.
Mesele ABŞ-daky, Angliýadaky, Germaniýadaky, Niderlandlardaky, Awstraliýadaky, Polşadaky, Täze Zelandiýadaky we Fransiýadaky ulanyjylar tarapyndan tassyklandy. Netijede, printerler diňe bir maglumatlary görkezip bilmezlik bilen çäklenmän, hatda personal kompýuterden bir haty çykarmak barada buýruk berlende resminamalary hem çap edip bilmedi.
Agzalan printerlere HP OfficeJet Pro 902x modelleri, şol sanda HP OfficeJet Pro 9022e, HP OfficeJet Pro 9025e, HP OfficeJet Pro 9020e All-in-One, HP OfficeJet Pro 9025e All-in-One modelleri degişli.
Kompaniýa HP-iň bu meselä taýyn çözgüdiniň ýokdugyny boýun aldy. Netijede, ulanyjylar printerleri internet birikmesinden tiz wagtda aýyrmaga çagyryldy, sebäbi bu mesele tordan awtomatiki gurnalýan resmi täzelenme bilen baglanyşykly.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
365

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......