Bloomberg: LVMH-iň baş direktory Bernard Arno bir günde 11 milliard dollardan gowrak pul ýitirdi

  • 24.05.2023 23:28
  • 12071
Bloomberg: LVMH-iň baş direktory Bernard Arno bir günde 11 milliard dollardan gowrak pul ýitirdi

LVMH (Louis Vuitton Moet Hennessy) kompaniýalar toparynyň prezidenti Bernar Arno kompaniýasynyň paýnamalary pese gaçandan soň bir günde 11,2 milliard dollar ýitirdi. Bu barada sişenbe güni Bloomberg habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, LVMH-iň paýnamalary 5% arzanlady. Agentligiň bellemegine görä, şeýle pese düşüş ABŞ-daky ykdysady ýagdaý bilen bagly kaşaň harytlara bolan islegiň azalmagyndan gorkulmagy sebäplidir. Şeýle pese gaçyşlyga garamazdan, baýlygy 192 milliard dollar töweregi diýlip çak edilýän fransuz telekeçisi dünýäniň iň baý adamydyr.
Forbes žurnalynyň maglumatlaryna görä, LVMH-iň girdejileri, düşewüntleri we paýlary hemişe ýokary. Arnonyň baýlygy soňky 12 aýda 53 milliard dollar artyp, bu milliarderleriň arasynda iň uly girdeji boldy.


05.12.2023 12:14
17915

Bloomberg dünýäniň iň baý 500 adamynyň sanawyny çap etdi

Bloomberg agentligi iň iri telekeçileriň maliýe baýlyklary baradaky maglumatlary hödürleýän «Millionerleriň indeksini» neşir etdi. Dünýä sanawynda birinji orun 2023-nji ýylyň başyndan bäri maýasyny 85,8 milliard dollar artdyran Ilon Maska degişlidir...

19.10.2023 08:09
10884

Jeff Bezos dünýäde iň baý adamlaryň sanawynda ikinji ýere geçdi — Bloomberg

Amazon.com Inc.-iň esaslandyryjysy Jeff Bezos LVMH Moet Hennessy Louis Vuitton-niň başlygy Bernar Arnodan öňe geçdi we Bloomberg Billionaires Index-iň wersiýasyna görä, dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawynda ikinji...

25.07.2023 19:29
28073

Ilon Mask dünýäniň iň baý adamy diýen adyny gaýdyp aldy

Forbes neşiriniň milliarderleriniň sanawyna görä, Ilon Mask şu hepde fransuz magnaty Bernar Arno bilen «bäsdeşliginde» dünýäniň iň baý adamy diýen ady yzyna gaýdyp aldy. Maska Tesla-nyň paýnamalarynyň dikeldilmegi...

05.07.2023 11:13
12527

Bloomberg: Mask soňky alty aýyň içinde 96,6 mlrd dollar gazandy

Ilon Mask soňky alty aýda iň köp pul gazanan adamlaryň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Bu barada duşenbe güni Bloomberg habar berdi. Onuň habaryna görä, Tesla kompaniýasyny esaslandyryjy, SpaceX-iň we Twitter-iň...