Geljek bäş ýyl Ýerde iň maýyl howaly ýyllar bolup biler

  • 24.05.2023 16:47
  • 24k+

Atmosferadaky bug gazlarynyň artmagy we garaşylýan El-Ninýo hadysasy sebäpli, geljek bäş ýylda Ýer togalagynda temperatura rekord derejä çenli ýokarlanyp biler. Şeýle çaklama Bütindünýä Meteorologiýa Guramasynyň (WMO) täze býulleteninde (beýanatynda) getirilýär diýip, Meteožurnal neşiri habar berýär.

Iň bärkisi, 2023-nji we 2027-nji ýyllar aralygyndaky ählumumy ýerüsti ýyllyk ortaça temperatura senagatdan öňki derejeden 1,5° C-den ýokary, 66% bolmagy mümkin. Geljekki bäş ýylyň, iň bolmanda, biriniň we tutuş bäşýyllygyň gözegçilikleriň taryhynda iň yssy boljakdygynyň ähtimallygy 98%.
WMO-nyň Baş sekretary Petteri Taalas: "Ýakyn aýlarda howanyň antropogen (adam) üýtgemegi bilen birlikde global temperaturany kesgitlenmedik çäklere çykarjak El-Ninýo gyzgynlygynyň bolmagyna garaşylýar" - diýdi. “Bu saglyga, azyk howpsuzlygyna, suw gorlarynyň dolanyşygyna we daşky gurşawa çakdanaşa täsirini ýetirer. Biz muňa taýyn bolmaly "- diýip, professor Taalas aýtdy.


şu gün 15:05
3.4k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

07.06.2026 17:05
8.4k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......

07.06.2026 10:04
7.3k+

Dünýäniň 50-den gowrak şäheri täze yssy howa akymlaryna bilelikde taýýarlanýar

Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 50-den gowrak şäher häkimleri Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) «50@50» atly täze başlangyjynyň çäginde birleşdiler. Euronews-iň mälim......

03.06.2026 12:21
9.3k+

Howanyň üýtgemegi geljekde ýagjak dolyny has iri we howply eder

Hytaýly we amerikaly alymlaryň Nature žurnalynda çap edilen bilelikdäki ylmy barlaglary geljekde dolynyň has iri we howply boljakdygyny, munuň netijesinde dünýä ýüzüne ýetiriljek zyýanyň bolsa 36,5 göterimden......