Bentley rekord derejede hasyl alandan soň, arybal önümçiligini has-da artdyrar

  • 23.05.2023 11:21
  • 14k+

Bütindünýä balary gününi bellemeginiň çäklerinde Bentley Krýudaky balary saklaýan meýdanyny ep-esli giňeldendigini habar berdi. Bal önümçiligi boýunça öňdebaryjy tejribe merkezi (Excellence Center for Honey Production) ýedi sany täze balary gutusyny gurup, olaryň jemi sanyny 17-ä ýetirdi. Häzirki wagtda balarylaryň umumy sany 1 milliondan geçýär. Kompaniýa bal ýygnamakda ýene bir rekord goýmak isleýär.

Bentley Çeşir zawodynyň töweregindäki biodürlüligi goldamak üçin, durnuklylyk strategiýasynyň bir bölegi hökmünde 2019-njy ýylda bal öndürmeklige girişdi. Bu işiň başy awtoulag öndürijisiniň ekin ýerlerini tozanlandyrmak üçin saklanýan 120 müň sany balary maşgalasyndan başlandy.
2022-nji ýylyň ahyryna çenli maşgalalar 600 müňe çenli köpeldi we rekord derejede 1000 banka bal berdi. Bentley eýýäm işgärlerine we müşderilerine hödürlär ýaly jemi 2000 banka bal ýygnady.
Bentley hususy balary saklanýan meýdanly ýeke-täk awtoulag öndürijisi däl: mysal üçin, Lamborghini-niň şeýle meýdany 2016-njy ýylda peýda bolupdy. 2017-nji ýylda bolsa balary ösdürip ýetişdirmek bilen Rolls-Royce we Porsche hem meşgullanyp başladylar.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
333

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......