Türkiýe bir ýylyň içinde gaz merkezini işe girizip biler

  • 23.05.2023 10:29
  • 7k+

Türkiýäniň çäginden geçýän Ýewropany tebigy gaz bilen üpjün ediş merkezi, «Demirgazyk akymynda» ýitirilen mukdary hem içine almak bilen, özüni bir ýylyň dowamynda aňrybaş derejede ödär. Bu barada ýurduň Energetika ministrliginiň başlygy Fatih Donmez ýekşenbe güni Haber Global teleýaýlymynda habar berdi.

Donmez: "Gaz söwda merkezi bir ýylyň içinde iň ýokary girdeji gazanar. Ol işläp başlasa, Ýewropa ýurtlaryna has köp gaz satyp we Türkiýe bilen baglanyşykly energiýa çeşmelerini diwersifikasiýa edip bolar" - diýdi. Ministr "Gaz merkezi Günorta Ýewropa üçin aýratyn möhümdir. Olar [bu ýurtlarda] merkeziň bardygyny ýa-da ýokdugyny soramaýarlar, haçan işe başlajakdygyna gyzyklanma bildirýärler" – diýip, ministr belledi.

Donmez ozal Türkiýäniň öz çägindäki gaz söwda merkezi arkaly Ýewropany 40 milliard kub metr gaz bilen üpjün edip biljekdigini habar berdi. Bu daşary ýurtdan ýylda alýan 100 milliard kub metr gazyndan artykmaç galýanydyr. Umuman aýdanyňda, Türkiýe Azerbaýjan, Eýran we Pars aýlagynyň döwletleri ýaly taslamanyň durmuşa geçirilmegine gatnaşyp biljek 15 ýurt bilen gepleşik geçirýär.


20.06.2026 11:54
5.1k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.9k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

08.06.2026 19:01
5k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.3k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....