Google Pixel smartfonlaryny wideoregistrator hökmünde ulanyp bolar

  • 20.05.2023 15:22
  • 9.3k+

Google Pixel seriýaly smartfonlarynda öňden bar bolan “Şahsy howpsuzlyk” goşundysynda enjamy wideoregistrator hökmünde ulanmak funksiýasy peýda bolar. Muny goşundynyň iň soňky wersiýasyny teswirlän 9to5Google saýty aýdyňlaşdyrdy.

Dashcam funksiýasy, smartfonyňyzy adatdaky ýaly ulanmagy dowam etdirmek bilen, fon režiminde wideo we ses (islege görä) ýazgy etmäge mümkinçilik berýär. Ýady tygşytlamak üçin wideo ýatda saklanmasa, onda ol üç günden soň awtomatiki usulda pozulýar. Orta hasap bilen gysylan ýazgynyň bir minuty 30 Mb ýer tutýar.
Funksiýa sazlamalarynda belli bir Bluetooth enjamyna birikdirilende awtomatiki usulda ýazga başlamak mümkinçiligi bar, mysal üçin, awtoulagyň bortdaky kompýuteri we aýrylanda ýazgyny awtomatiki bes etmek mümkinçiligine eýe.
Dashcam, indiki  Feature Drop täzelenmesiniň çykmagy bilen, iýun aýynda Google Pixel smartfonlarynda peýda bolar diýip, 9to5Google saýtynda çaklaýarlar.
Google Play-de eýýäm smartfonda wideoregistrator funksiýasyny ýerine ýetirýän üçünji tarapyň işläp taýýarlaýjylarynyň birnäçe goşundylary bar.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....