Türkmenistan halkara konstitusion hukugynyň ösmegine uly goşant goşdy

  • 19.05.2023 17:07
  • 7.7k+

Türkmenistanyň Konstitusiýasy dünýäniň köp ýurtlarynyň konstitusiýalary bilen deňeşdirilip öwrenilende aglaba meseleler babatynda türkmen döwletiniň Baş Kanunynyň halkara ülňülerine laýyk gelýändigini we konstitusion hukugyň nazaryýetiniň we amalyýetiniň ösmegine möhüm goşant goşýandygyny ynam bilen aýdyp bolar.

Bu barada hukuk ylymlarynyň doktory, professor, at gazanan hukukçy we Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Myrat Haýytow CentralAsia.news neşirine beren teswirinde ýazýar.
Kanunyň hökmürowanlygy, häkimiýetiň kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji we kazyýet pudaklaryna bölünmegi, şeýle hem ýurduň konstitusiýasynda göz öňünde tutulan ýerli öz-özüňi dolandyryşyň ykrar edilmegi ýaly esasy gymmatlyklar häzirki Türkmenistany, dünýä jemgyýetçiliginiň mynasyp agzasy hökmünde, keşbini kesgitleýär diýip, bilermen hasaplaýar.

"Döwrebap Türkmenistan häzirki wagtda ygtyýarlyklary bölmek we halkyň ygtyýarlyklaryny öz wekillerine bermek ýörelgelerine esaslanýan ýokary döwlet dolandyryşynyň täze ulgamyny döretmek tapgyrynda" – diýip awtor ýazýar.

Şu güne çenli Türkmenistanyň konstitusiýasy dünýä jemgyýetçiliginiň döwletleriniň deňhukukly subýekti hökmünde ýurduň mundan beýläk-de ösüşiniň geljegini şöhlelendirýär we döwlet gurluşynyň, ýokary häkimiýetiň, halkyň özara sazlaşygynyň ýeke-täk mehanizmini döredýär – diýip, Haýytow sözüni jemleýär.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......