Tomas Bah ähli ýurtlaryň türgenlerini Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin goýbermäge çagyrdy

  • 19.05.2023 16:51
  • 11k+

Halkara Olimpiýa komitetiniň (HOK) prezidenti Tomas Bah 2024-nji ýylda Parižde geçiriljek tomusky Oýunlara ähli ýurtlaryň gatnaşmalydygyny belledi. Muny regnum.ru ýetirýär.

“HOK-yň teklibi – ähli ýurtlaryň türgenlerine eýýäm geçirilýän saýlama ýaryşlaryna gatnaşmak üçin rugsat berilmelidir. Köp federasiýalar biziň tekliplerimizi kabul eder diýip umyt edýärin” – diýip, olimpiýa hereketiniň işgäri belledi.
“Biz 206 milli komitetiň ählisiniň – HOK-yň agzalarynyň türgenleriniň Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyp bilmegini isleýäris” – diýip, Bah belleýär.

Onuň aýtmagyna görä, HOK tutuş dünýäniň türgenlerini birleşdirmek üçin ähli tagallalary edýär.

“Olimpizm – bu parahatçylyk. Ol bölüşdirmän, birleşdirýär. Ol adalatly söweşde belentliklere ymtylmaly” – diýip, Tomas Bah sözüniň üstüni ýetirdi.

2024-nji ýyldaky Oýunlar Fransiýanyň paýtagtynda 26-njy iýundan 11-nji awgust aralygynda geçirilmeli.


06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.8k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...