Montana ştaty ABŞ-da ilkinji bolup TikTok-y doly derejede gadagan etdi

  • 19.05.2023 16:39
  • 11k+

Montana ştatynyň häkimiýetleri ABŞ-da ilkinji bolup TikTok sosial ulgamyny düýbünden gadagan etdiler. Degişli kanuna ştatyň gubernatory Greg Janforte gol çekdi diýip, TASS habar berýär.

“Montananyň ýaşaýjylarynyň şahsy maglumatlaryny Hytaýyň Kommunistik partiýasyndan goramak üçin, men Montanada TikTok-y gadagan etdim” – diýip, ol Twitterde ýazdy.

Ýerli kanun çykaryjy edara tarapyndan aprel aýynda kabul edilen täze kanuna laýyklykda, ştatyň çäginde TikTok mobil goşundysyny ýüklemek gadagan edilýär. Şeýlelik bilen, Apple we Google kompaniýalary öz programma dükanlarynda goşundyny ýükläp almak mümkinçiligini ýapmaly bolar, ýogsam olara jerime salnar. Gadaganlyk 1-nji ýanwardan hereket edip başlar.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....

13.06.2026 09:33
10k+

Eger ABŞ DÇ-2026-da ýeňiji bolsa, Jeep 100 sany wnedorožnigi sowgat berer. Emma birje ýönesi bar...

Amerikanyň Jeep brendi Futbol boýunça dünýä çempionatynyň şanyna adaty bolmadyk watançylyk mahabat kampaniýasyny başlady. Kompaniýa eger ABŞ-nyň topary çempionatda ýeňiş gazansa, 100 sany Jeep Wrangler......