Ançelotti Çempionlar ligasynda 191-nji oýny geçirip, rekord goýdy

  • 19.05.2023 16:46
  • 20k+

Madridiň “Real” futbol klubuna ýolbaşçylyk edýän italiýaly hünärmen Karlo Ançelotti Çempionlar ligasynda geçiren oýunlarynyň sany boýunça tälimçileriň arasynda rekord eýesi boldy. Bu barada UEFA-nyň resmi saýtyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

Mançesterde geçirilen Çempionlar ligasynyň 1/2 finalynyň Angliýanyň “Mançester Siti” toparyna garşy jogap oýny Ançelotti üçin Çempionlar ligasynda 191-nji boldy. Italiýaly hünärmen “Mançester Ýunaýtediň” öňki baş tälimçisi jenap Aleks Fergýusondan öňe geçdi.
Ançelotti Çempionlar ligasynda “Milan”, “Bawariýa”, “Çelsi”, “Ýuwentus”, “Napoli”, “Parma”, “PSŽ” we “Real” bilen işleşdi. “Milan” we “Real” bilen Ançelotti Çempionlar ligasynda iki gezekden ýeňiş gazandy.


şu gün 13:03
9.3k+

Arslanmyrat Amanow: «Dünýä çempionatynda Özbegistanyň milli ýygyndysyna we dostlaryma janköýerlik ederin»

Sebitiň iň tanymal we zehinli futbolçylarynyň biri, Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Arslanmyrat Amanow 2026-njy ýyldaky dünýä çempionaty baradaky pikirlerini paýlaşdy. Häzirki wagtda «Arkadag»......

şu gün 12:40
7.4k+

DÇ–2026-nyň 6-njy güni: Messiden het-trik we rekordlar, Mbappe we Holandyň dubly we birnäçe awtogol...

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň altynjy oýun güni öňki mundialyň finalçylary – Argentina we Fransiýa ýygyndylarynyň çempionata girişmegi bilen ýatda galdy....

şu gün 11:14
5k+

FIFA Müsüriň ýygyndysyndan lybasyndaky ýedi ýyldyzy aýyrmagy talap etdi

FIFA guramasy Müsüriň milli ýygyndysyndan 2026-njy ýyldaky Dünýä çempionatynda geýjek oýun lybasynyň ýüzündäki ýedi sany ýyldyzy aýyrmagy talap etdi. Bu barada žurnalist Maýki Žunior X sosial ulgamyndaky......

düýn 14:50
10k+

DÇ-2026-nyň 5-nji gününiň netijeleri: Deňme-deňligiň güni we Kabo-Werdeniň derwezebanynyň gahrymançylygy

Geçen oýun güni aýratyn asuda we arkaýyn häsiýeti bilen tapawutlandy: H we G toparçalaryndaky oýunlaryň dördüsi hem deňme-deň hasap bilen tamamlanyp, Aziýanyň ýygyndylary ýene-de ýeňilmezligine galdylar....