Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Hytaý» Sammitine gatnaşdy

  • 19.05.2023 15:57
  • 10k+

Şu gün, 19-njy maýda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Hytaý» birinji Sammitine gatnaşdy.

HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar.
Iri daşary syýasat çäräniň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow çuň manyly çykyş edip, birnäçe oňyn teklipleri öňe sürdi.
Duşuşygyň barşynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seljerme we syn berildi. Geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......