18-19-njy maýda Serdar Berdimuhamedowyň Hytaýa sapary meýilleşdirilýär

  • 17.05.2023 09:23
  • 9.7k+

Hytaýyň gadymy Sian şäherinde 18-19-njy maýda geçiriljek «Merkezi Aziýa- Hytaý» sammiti Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň (Türkmensitan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan we Özbegistan) arasyndaky özara gatnaşyklarda täze eýýamy açar. Ýokary derejede geçiriljek duşuşyga şeýle bahany meşhur seljeriş merkezleri hem-de syýasatçylar berýärler diýip, TDH ýazýar.

Bilermenleriň pikirine görä, energetika, ulag, logistika, maýa goýum we söwda-ykdysady ulgamlary şu görnüşde döwletleriň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary bolup durýar.
Aslynda, Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa-Hytaý» sammitine gatnaşmagy döwletleriň şeýle görnüşdäki hyzmatdaşlygynyň energetika düzüm bölegini üpjün edýär. Hususan-da, Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýylyň ýanwar aýynda Hytaýyň MK-nyň kompartiýasynyň «Ženmin Žibao» baş gazetine beren interwýusynda 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanylmaga berlen Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň Aziýa yklymynda durmuşa geçirilen iň iri bilelikdäki energetika taslamasy bolandygyny we häzirki günde şonuň üsti bilen 350 milliard kub metrden gowrak tebigy gazyň iberilendigini aýtdy.
Bilermenleriň çaklamalaryna görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň liderleri sebitiň energetika bazarlaryna türkmen tebigy gazynyň iberilmegini artdyrmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar. Mälim bolşy ýaly, gazyň iberilmegi Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijiniň üç ugry (A,B we C) boýunça amala aşyrylýar. Türkmen tebigy gazyndan diňe bir ahyrky sarp ediji — Hytaý däl, eýsem üstaşyr ýurtlar – Özbegistan we Gazagystan hem peýdalanyp bilýär. Soňky ýyllarda taraplar Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisiniň dördünji şahasynyň (D) gurluşygy baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar. Ol Türkmenistan-Özbegistan-Täjigistan-Gyrgyzystan-Hytaý ugry boýunça geçmelidir. Özi-de şeýle ugur energetika serişdelerine zerurlyk bildirýän Duşenbe we Bişkek şäherleriniň ýüz tutmalary boýunça saýlanyp alyndy. 4-nji şahanyň gurulmagy Türkmenistan-Hytaý gaz geçirijisini taslama kuwwatlylygyna çykarmaga hem-de Hytaýyň energetika bazaryna her ýylda 65 milliard kub metre çenli gazy ibermäge mümkinçilik berer. Mundan başga-da, D şahasy türkmen gazynyň Gyrgyzystana we Täjigistana göni iberilmegini amala aşyrmaga mümkinçilik berer.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......