Uillem Defo “Bitljus-2” filminiň aktýor düzümine goşular

  • 15.05.2023 12:28
  • 4.4k+

Uillem Defo Tim Bertonyň “Bitljus” filminiň sikweliniň aktýor düzümine goşuldy. Warner Bros. kompaniýasynyň doly metražly filminiň önümçiligi şu hepde başlandy. 1988-nji ýylda çykarylan asyl filmi surata düşüren Tim Berton režissýorlyk işine gaýdyp geldi. Bu barada The Hollywood Reporter ýazýar diýip, www.buro247.ru belleýär.

Berton bilen başga bir işi – Netflix-iň “Wednesday” serialy bilen meşhurlyk gazanan Jenna Ortega aktýor düzüminde esasy gahryman bolar, Maýkl Kiton bolsa ýaramaz arwahyň keşbini ýerine ýetirer. Ýatlap geçsek, filmiň ady hem şonuň adyny göterýär. Waýnona Raýder hem filme dolanyp, birinji bölümden ulalan gahrymanyň keşbini ýerine ýetirer.
Sýužet baradaky jikme-jik maglumatlar gizlin saklansa-da, Defonyň ol dünýädäki ýaşaýyşda hukuk goraýjy edaranyň işgärini oýnajakdygy bellidir.
Filmi işläp düzmek bilen Bred Pittiň Plan B kinokompaniýasy meşgullanýar. Surata düşürme işleri Londonda eýýäm başlady. Warners kartinanyň 2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda çykjakdygyny mälim etdi. Ssenariýanyň üstünde Netflix-iň Ortega bilen “Wednesday” serialyny döredijiler bolan El Gof we Maýlz Millar hem işledi.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
333

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......