Serdar Berdimuhamedow Hytaýda «Merkezi Aziýa + Hytaý» Sammitine gatnaşmak üçin çakylyk aldy

  • 14.05.2023 03:20
  • 11k+

Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin şu ýylyň 18-19-njy maýynda geçiriljek «Merkezi Aziýa + Hytaý» Sammitine gatnaşmak üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa çakylyk iberdi. Degişli çakylygy 13-nji maýda Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň ýörite wekili, HHR-iň daşary işler ministriniň birinji orunbasary (ministr derejesinde) Ma Çžaosýuýy Türkmenistanyň Prezidentine gowşurdy.

Serdar Berdimuhamedow Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda Merkezi Aziýa möhüm ornuň degişlidigini belläp, döwlet Baştutanymyz “Merkezi Aziýa + Hytaý” Sammitine gatnaşmaga çakylyk üçin HHR-iň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirdi.
Duşuşygyň dowamynda häzirki döwrüň ýagdaýlaryny we mümkinçiliklerini hasaba almak bilen, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek üçin uly kuwwata eýe bolan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşmalar boldy.


düýn 19:01
969

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

12.05.2026 20:41
12k+

ABŞ-nyň awtoulag senagaty Trampdan bazary hytaý awtoulaglaryna açmazlygy soraýar

Amerikan awtoulag öndürijileri, üpjün edijileri, polat guýujy kompaniýalary, kärdeşler arkalaşyklary we kanun çykaryjylar ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampy ABŞ bazarynyň hytaý awtoulaglary üçin açylmagyna ýol......

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......