Türkmen agyr atletikaçysy Aziýa çempionatynyň bürünç medalçysy boldy

  • 13.05.2023 23:47
  • 18k+

Türkmen agyr atletikaçysy Enemjan Rustamowa Çindžouda (Koreýa Respublikasy) geçýän Aziýanyň çempionatynda bürünç medal gazandy.

Rustamowa 87 kg agram derejesinde silterläp götermekde bürünç medala eýe boldy. Birinji ýaryş tamamlanandan soň ol özbek agyr atletikaçysy Regina Adaşbaýewadan (103 kg) we Hytaýyň Taýbeýinden Lo Ýing-Ýuandan (110 kg) soňra üçünji boldy (102 kg).
Ýöne itekläp götermekde türkmen türgeni bäşinji netijäni görkezdi (124 kg), şeýlelik bilen jemleýji çykyşda bäşinji ýeri eýeledi (226 kg).
5-nji maýda başlanan agyr atletika boýunça Aziýanyň çempionaty dünýäniň 37 ýurdundan 400-e golaý türgeni ýygnady. Türkmen tarapyna ýaryşda 16 ştangaçynyň (9 erkek we 7 zenan) wekilçilik edýär.
Yklymlaýyn birinjilik 2024-nji ýylda geçiriljek Olimpiýa oýunlarynyň öňüsyrasynda saýlama ýaryş bolup durýar.


03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....

25.05.2026 15:19
2.8k+

Türkmen karateçileri Germaniýada geçirilen halkara ýaryşda 9 medal gazandy

2026-njy ýylyň 22-23-nji maýynda Germaniýanyň Bad-Nouhaým şäherinde kiokuşinkaý karate boýunça halkara çempionat geçirildi. Onda Türkmenistanyň ýygyndy topary dürli ýaş we agram derejelerinde altyn, kümüş......