“Çeburaşka” we “Çagyryş” 2023-nji ýylyň iň girdejili filmleriniň dünýä reýtingine girdi

  • 13.05.2023 23:36
  • 9.9k+

Režissýor Dmitriý Dýaçenkonyň «Çeburaşka» rus çeper filmi The Numbers portaly tarapyndan düzülen şu ýylyň iň girdejili filmleriniň dünýä reýtinginde 20-nji orunda ýerleşdi. Şol bir wagtyň özünde Klim Şipenkonyň «Çagyryş» atly kosmiki dramasy reýtingiň 49-njy setirini eýeledi diýip, vm.ru belleýär.

12-nji maýa çenli ýagdaýa görä, erteki gahrymany baradaky kinokartina prokatda 86 mln dollardan gowrak girdeji gazandy. Dýaçenkonyň döredijiligi amerikaly aktýor we režissýor Ben Afflekiň “Air: uly böküş” filminden öňe geçdi.
Iň soňky 49-njy setirde dünýäde käbir ýerleri kosmosda, Halkara kosmos stansiýasynda surata düşürilen ilkinji film bolan “Çagyryş” ýerleşdi. Portalyň maglumatlaryna görä, Klim Şipenkonyň lentasy 10,5 mln dollar gazandy, şol bir wagtyň özünde kosmiki dramanyň prokaty häzirki wagtda dowam edýär.
Reýtingiň lideri kult wideo oýnuna esaslanan “Doganlar Super Mario kinoda” multfilmi boldy. Prokatda bolan döwri multfilm 1 mlrd dollardan gowrak girdeji gazanyp ýetişdi diýlip, makalada bellenilýär.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
365

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......