Nýu-Ýorkda agram we boý bilen bagly kemsitme kanun taýdan gadagan edildi

  • 13.05.2023 23:38
  • 13k+

Nýu-Ýorkuň şäher geňeşi agram we boý bilen bagly kemsitmäni gadagan edýän kanuny kabul etdi. Bu barada CNN teleýaýlymyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Onuň maglumatlaryna görä, kanun ýaşaýyş jaýy gözlenende, işe ýerleşilende we jemgyýetçilik ýerlerinde şeýle kemsitmäni gadagan edýär. Teleýaýlymyň belleýşi ýaly, Amerikanyň diňe alty şäherinde we bir ştatynda şeýle kanun bar.

“Bu diňe bir iş ýerinde ýa-da ýaşaýyş jaýy gözlenende adamlary goramak däl-de, eýsem, medeniýetiň üýtgemegidir” – diýip, kanun taslamasynyň awtory Şon Abreu belledi. Onuň aýtmagyna görä, ol özüniň hem kemsitmä sezewar bolandygy üçin kanun taslamasynyň inisiatory boldy.

Teleýaýlym ABŞ-da agram bilen bagly kemsitmäniň giňden ýaýrandygyny, onuň, esasanam, aýallara täsir edýändigini belleýär. Wanderbilt uniwersitetiniň maglumatlaryna görä, semizlikden zyýan çekýän aýallar adaty agramly zenanlara garanda $5,25 az gazanýarlar.


19.06.2026 19:47
1.1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.4k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 15:39
2.7k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......