Adidas Yeezy brendiniň galan harytlaryny satar we serişdeleri haýyr-sahawata gönükdirer

  • 13.05.2023 10:58
  • 14k+

Dünýäde ikinji uly sport harytlaryny öndüriji bolan Germaniýanyň Adidas AG kompaniýasy Yeezy brendiniň galan ätiýaçdaky krossowkalaryny satmagy we alnan serişdeleri haýyr-sahawata gönükdirmegi meýilleşdirýär. Bu barada kompaniýanyň paýdarlaryna onuň baş ýerine ýetiriji müdiri Býorn Gulden habar berdi diýip, interfax.ru belleýär.

Adidas sazanda Kanýe Uest bilen hyzmatdaşlykda döredilen brendiň önümlerini geçen ýylyň oktýabr aýynda satmagy bes etdi. Şonda kompaniýa antisemit sözleri sebäpli Uest bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyny ýatyrdy.
Adidasyň paýdarlarynyň penşenbe güni geçirilen ýyllyk ýygnagynda Gulden Yeezy-nyň satylmadyk ätiýaçdaky harytlarynyň 1 mlrd ýewrodan gowrak mukdar bilen bahalandyrylýandygyny belledi.
Gulden kompaniýanyň brendiň önümlerini ýok etmän, wagtyň geçmegi bilen onuň bir bölegini satmaga synanyşmak we satuwdan alnan serişdeleri Uestiň sözlerinden ejir çeken adamlara wekilçilik edýän guramalara ibermek kararyna gelendigini aýtdy.
Adidasyň paýnamalary penşenbe güni söwdada 2,2% gymmatlady. Ýylyň başyndan bäri olaryň bahasy 31% ýokarlandy.


30.04.2026 20:03
5.7k+

London marafonynyň ýeňijsiniň geýen «super-krossowkasy» Adidas-yň söwdasyny hem «öňe ylgatdy»

2026-njy ýylyň London marafony sport dünýäsinde hakyky öwrülişik boldy. Bu ýaryşda rowaýaty «iki sagatlyk böwet» aşyldy we täze dünýä rekordlary goýuldy. Bellemeli ýeri, bu üstünlikde Adidas kompaniýasynyň......

20.04.2026 14:51
2k+

Kith we adidas 70-nji ýyllaryň nysagyndan ruhlanýan täze toplum hödürlediler

«Kith» we «adidas Originals» brendleri 1970-nji ýyllaryň moda dünýäsinden ylhamlanyp, bilelikde täze toplum çykardylar. Bu kolleksiýa öz içine «BW Army», «Samba» we «Japan» ýaly meşhur görnüşleriň......

15.04.2026 14:39
2.4k+

Nike UEFA bilen ylalaşyp, Adidas-yň ornuny eýelejek bolýar

Nike kompaniýasy Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýa ligasy üçin toplary üpjün etmek baradaky ähtimal şertnama boýunça UEFA bilen gepleşiklere başlady. Bu barada «SportBusiness» neşiri habar......

08.03.2026 17:52
4.2k+

Adidas tanymal futbol klublarynyň taryhy lybaslaryny hödürlär

Adidas kompaniýasy meşhur futbol klublarynyň nusgawy lybaslarynyň uly toplumyny — remeýklerini çykarmagy meýilleşdirýär. 2027-nji ýylyň birinji ýarymyna meýilleşdirilen bu taslama ozalky retro-toplumlaryň gazanan biznes üstünliginiň dowamy bolar...