Google ilkinji eplenýän Pixel Fold smartfonyny resmi taýdan hödürledi

  • 12.05.2023 17:26
  • 10k+

Amerikanyň Google  kompaniýasy her ýyl geçirilýän konferensiýanyň çäginde 1,8 müň dollar bahasy bolan ilkinji eplenýän Pixel Fold smartfonyny hödürledi diýip, gazeta.ru habar berýär.

Täze önüm iki ekran aldy - daşky 5,8 dýuýmlyk we içki 7,8 dýuýmlyk. Daşky OLED ekrany 17.4:9 formatda ýasaldy. Ol 2092x1080 piksel durulyk we şekiliň 120 Hz täzeleniş tizligini aldy. Onuň ýagtylygynyň ýokary görkezijisi 1550 nokada ýetýär. Içki inedördül diýen ýaly OLED ekrany 6:5 formatda 2208x1840 durulykda we şekiliň täzeleniş tizligi 120 Hz. Iň ýokary ýagtylygy 1450 nokada ýetýär.
Smartfon Google Tensor G2 çiptorunyň esasynda işleýär we Titan M2 çipi enjamyň howpsuzlygy üçin jogapkärdir. Pixel Fold 12 Gb LPDDR5 RAM-da we 256 Gb ýa-da öňki nesliň UFS 3.1 ammary bilen 512 Gb-da elýeterli bolar.
Pixel Fold -da 48Mp esasy kamera, 10,8Mp giň burçly datçik  we 10.8 Mp teleobýektiw bar. Daşky öň kamera 9,5 Mp durulyk aldy, içki ekranda bolsa durulyk - 8 Mp.
4821mAs batareýa 30Wt-lyk çalt zarýad bermegi we Qi simsiz zarýad bermegi goldaýar.
Pixel Fold smartfony 27-nji iýunda 1,8 müň dollara satuwa çykarylar.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....