Google 180 ýurtda elýeter bolan Bard çat-botunyň täze wersiýasyny hödürledi

  • 12.05.2023 17:19
  • 5.3k+

«Google» 180 ýurtda elýeter bolan emeli aň (AI) Bard çat-botunyň täzelenen görnüşini hödürledi. Bu barada çarşenbe güni kompaniýanyň wise-prezidenti Sissi Sýao Google-yň web sahypasynda habar berdi diýip, TASS ýazýar.

Onuň sözlerine görä, täze wersiýa iňlis dilinden başga-da, ýapon we koreý dillerinde hem işlär we ýakyn wagtda ýene 40 dile goldaw berer. Ilkibada Bard-y diňe ABŞ-da we Angliýada iňlis dilinde ulanmak bolýardy.
Bard-yň täze wersiýasy beýleki Google hyzmatlaryna - Docs, Drive, Gmail we Maps-e birigip biler. Şeýle hem, matematika we logika boýunça ýöriteleşen PaLM 2 dil neýroseti çat-botuň bir bölegi hökmünde işlär.
Bard çat-boty şu ýylyň fewral aýynda tanyşdyryldy. Google gepleşik tertibinde işläp we adam söhbetdeşligini simulirläp bilýän emeli aň bilen işleýän çat-bot, ChatGPT-i ösdürmek üçin ozal 10 milliard dollar maýa goýan Microsoft bilen netijeli bäsleşmek üçin täze tehnologiýa döretdi.


07.04.2026 10:40
1.9k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....

30.03.2026 19:48
1.6k+

Google Translate terjimelerine Gemini ornaşdyrdy. Ol mazmunyna hem seretmäge ukyply.

Google kompaniýasy özüniň Gemini emeli aň ulgamyny Google Translate hyzmatyna ornaşdyrdy. MacRumors neşiriniň habar bermegine görä, munuň netijesinde terjimeler has takyk we tebigy görnüşe geldi....

27.03.2026 17:36
6.7k+

Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň......

23.03.2026 16:40
2k+

Google ulanyjynyň gylyk-endiklerini öwrenýän emeli aňy mugt etdi

Google kompaniýasy ozal «Google AI» tarifleriniň çäginde işleýän «Personal Intelligence» funksiýasynyň indi ähli ulanyjylar üçin mugt boljakdygyny yglan etdi. Täze mümkinçilik Gemini ekoulgamyna birikdiriler, şeýle hem Google Chrome brauzeriniň web-wersiýasynda we «AI Mode» tertibinde goýlar...