Dünýä Liderleri Serdar Berdimuhamedowy Ýeňiş güni mynasybetli gutladylar

  • 09.05.2023 11:09
  • 23k+

Dünýä ýurtlarynyň Prezidentleri hem-de liderleri Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlag iberdiler.

Hususan-da, gutlaglarda şeýle diýilýär.

«Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ýowuz uruş ýyllarynda taplanan dost-doganlygyň, birek-birege goldaw bermegiň oňyn däpleri dostlukly gatnaşyklarymyzyň we çuňlaşdyrylan strategik hyzmatdaşlygymyzyň mundan beýläk-de netijeli ösdürilmegine ýardam berjekdigine ynanýaryn.
Ýurduňyzda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weteranlaryna tüýs ýürekden gutlaglarymy, berk jan saglyk, ruhubelentlik we uzak ömür baradaky arzuwlarymy ýetirmegiňizi Sizden haýyş edýärin» — Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin.
«Beýik Ýeňşiň 78 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy kabul ediň! Söweş meýdanlarynda we tylda batyrlygy, gaýduwsyzlygy bilen Ýeňiş gününi ýakynlaşdyran pederlerimiziň deňsiz-taýsyz edermenligini, ruhubelentligini, watansöýüjiligini hem-de gahrymançylygyny sarpalaýarys» — Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon.
«Sizi hem-de tutuş türkmen halkyny beýik Ýeňiş güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu şanly günde söweş meýdanlaryndan dolanyp gelmedik, dünýäni faşizmden azat etmek üçin janlaryny gurban eden gahryman pederlerimizi sarpalaýarys. Olaryň edermenligi, borçlaryna wepalylygy we watansöýüjiligi biz üçin Watana bolan söýginiň, jebisligiň nusgasydyr» — Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow.
«Bu baýram Ýer ýüzünde parahatçylygy goran sowet halkynyň gahrymançylygynyň hem-de taýsyz edermenliginiň nyşany hökmünde kalbymyzda orun aldy. Ýeňiş dünýä taryhynyň ugruny üýtgedip, millionlarça adamyň azatlyga we ynsan mertebesine bolan hukugyny gaýdyp berdi.
Faşizme garşy çykyp we janlaryny gurban edip, ondan üstün çykan hem-de örän agyr kynçylyklary, horluklary ýeňip geçen pederlerimiziň edermenligini hormatlamak mukaddes borjumyzdyr. Umumy taryhy mirasymyzyň, mizemez dostlugymyzyň, bilelikdäki Beýik Ýeňşe buýsanjymyzyň ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň berk binýady bolup galjakdygyna tüýs ýürekden ynanýaryn» — Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenko.
«Halklarymyzyň faşizme garşy umumy göreşde taplanan doganlygynyň Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam etjekdigine ynanýaryn» — Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin.
«9-njy maý güni faşistik basybalyjylara garşy egin-egne berip söweşen pederlerini hakydasynda saklaýanlar hem-de olara buýsanýanlar üçin müdimilik mukaddes gün bolup galar. Sowet raýatlarynyň millionlarçasy azatlyk we Watan garaşsyzlygy ugrunda janlaryny gurban etdiler, Ýewropanyň halklaryny faşizm apatyndan halas etdiler» — Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary Dmitriý Medwedew.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......