Türkmenistanyň Prezidenti türkmen halkyny Ýeňşiň 78 ýyllygy bilen gutlady

  • 09.05.2023 10:53
  • 8.1k+

Şu gün 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 78 ýyllygy giňden baýram edilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyny tüýs ýürekden gutlady.

«Watansöýüjilik, ynsanperwerlik, gaýduwsyzlyk, edermenlik türkmen halkynyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli aýratynlyklaryna hem-de durmuş kadasyna öwrülen nusgalyk ýörelgeler bolup, olar dünýä taryhyna örän pajygaly, gandöküşikli, jebir-jepaly döwür hökmünde ebedi ýazylan 1941 — 1945-nji ýyllarda has-da aýdyň ýüze çykdy. Mukaddes ýörelgelerimize berk eýeren merdana watandaşlarymyz doganlyk halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, ХХ asyryň ýowuz urşunyň azat-erkana durmuş ugrundaky aldym-berdimli söweş meýdanlarynda edermenligiň, gaýduwsyzlygyň we gahrymançylygyň belent nusgasyny görkezip, baky şöhrata mynasyp boldular. Bu örän agyr döwürde tylda galan Türkmenistanyň ilaty — garrylardyr gelin-gyzlar, ýetginjekler «Ähli zat front üçin, ähli zat Ýeňiş üçin!» diýen ählihalk şygaryna eýerip, parahat, abadan durmuşa beýik ynam bilen, synmaz erke hem-de päk arzuwlara daýanyp, gije-gündiz tutanýerli, gaýratly zähmet çekdiler, fronta zerur bolan önümleri iberip, Beýik Ýeňşiň gazanylmagyna uly goşant goşdular» — diýlip Gutlagda aýdylýar.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......