Toyota Camry-nyň täze nesli ýol synaglaryna çykaryldy

  • 07.05.2023 12:17
  • 44k+

Toyota  indiki, dokuzynjy nesil «Camry» sedanyny ýol synaglaryna çykardy. Muny ABŞ-nyň Miçigan ştatynda nusganyň ogryn düşürilen suratlary subut edýär. Olary Carscoops neşir etdi.

Suratdaky synag awtoulagyna  pugta örtük çekilen: diňe tekerler we aýnanyň bölekleri ýapylman galdyrylan. Häzirlikçe modeliň diňe ölçegleriniň we ululyklarynyň öňküligine galyp  biljekdigini aýtmak bolýar.
Camry-niň täze nesliniň taýýarlanýandygyny fewral aýynda Awstraliýanyň Drive saýty tassyklapdy: şol döwürde işläp taýýarlamaklygyň güýçli depginde alnyp barylýandygy habar berildi, ýöne ygtybarly tehniki maglumatlar ýokdy - diňe çaklamalar aýdylýardy.
Drive-yň wersiýasyna görä, ilki bilen täze Toyota Camry ABŞ-da konweýere çykar: bu, aýdylyşyna görä, 2024-nji ýylyň aprelinde boljakmyş. Indi Carscoops hem 2023-nji ýyldan başlap modeliň mälim ediljekdigini çaklamak bilen, şol bir maglumat barada habar berdi: mysal üçin, noýabr aýynda Los-Anželesdäki awtoulag sergisinde tanyşdyrylyp bilner.


düýn 21:15
2.2k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
5.9k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......

15.06.2026 23:53
2.8k+

24 sagatlyk çydamlylyk ýaryşynda "Toyota-nyň" ekipažy ýeňiş gazandy

Fransiýada dünýäniň çydamlylyk ýaryşlary çempionatynyň (WEC) 2026-njy ýyl möwsüminiň üçünji tapgyry bolan "Le-Manyň 24 sagady" ýaryşy tamamlandy. Kamui Kobýasi, Nik de Wris we Maýk Konweýden ybarat bolan......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......