Ed Şiran «Thinking Out Loud» aýdymynyň ogurlykdygy baradaky kazyýet işinde ýeňiş gazandy

  • 07.05.2023 12:05
  • 16k+

Iňlis sazandasy Ed Şiran iň meşhur aýdymlaryndan biri bolan «Thinking Out Loud-yň» ogurlykdygy baradaky kazyýet işinde ýeňiş gazandy. Nýu-Ýorkdaky kazyýet mejlisinde oturdaşlar ony başga biriniň materiallaryny göçürmekde günäkär hasaplamadylar.

Kazyýet işine oturdaşlaryň garamagy penşenbe gününe bellenip, üç sagat töweregi dowam etdi. Höküm yglan edilenden soň, Şiran "işiň netijesinden diýseň hoşaldygyny" aýtdy, ýöne "şular ýaly esassyz şikaýatlaryň kazyýete gelmegine gynanýan" diýdi.
Ozal aýdymçy kazyýet diňlenişiginde, eger kazyýet özüni günäli bilse, aýdym-saz karýerasyny bes etjekdigini we sahnadan gitjekdigini aýdypdy. Emma beýle bolmady. Kazyýet işi tamamlanandan soň ol: "Görýän welin, gündelik işimi taşlamasamam boljak öýdýän" - diýdi. "Eger emin agzalary bu meselede başgaça karara gelen bolsalar, onda aýdym ýazýanlar öz döredijilik erkinligi bilen hoşlaşaýmaly boljakdy".
Iňlis sazandasynyň üstünden arzany kazyýete Marwin Geý bilen bilelikde "Let's Get It On" aýdymyny ýazan aýdymçy Ed Taunsendiň mirasdüşerleri berdi. Aýdym 1973-nji ýylda çykdy. Taunsendiň maşgalasy Ed Şirany bu kompozisiýany ogurlamakda we 2014-nji ýylyň “Thinking Out Loud-nyň" esasynda akkordlaryň sinkopirlenen suratyny ulanmakda günäkärledi. Ol 2016-njy ýylda bu aýdym üçin “Gremmi” baýragyny alypdy.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
333

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......