Kriştianu Ronaldu hormatly medal bilen sylaglanar

  • 05.05.2023 15:47
  • 28k+

Lissabonyň şäher geňeşi Saud Arabystanynyň "Al-Nasr" futbol klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň oýunçysy Kriştianu Ronalduny hormatly baýrak bilen sylaglamak kararyna geldi. Bu barada edaranyň resmi saýtynda habar berilýär diýip, rsport.ria.ru belleýär.

Ronalduny Lissabonyň hormatly medaly bilen sylaglamak karary şäher geňeşiniň mejlisinde kabul edildi. Futbolçy şäheriň abraýyny bütin dünýäde ýaýradandygy üçin bu baýraga mynasyp bolar.
Ronaldu "Altyn topuň" bäş gezek eýesidir. Ol karýerasynyň dowamynda Portugaliýanyň "Sporting", Angliýanyň "Mançester Ýunaýted", Ispaniýanyň "Real" we Italiýanyň "Ýuwentus" toparlarynda oýnady. 
Hüjümçi 2022-nji ýylyň ahyrynda "Al-Nasra" geçdi. Dürli ýaryşlarda klub üçin gatnaşan 15 oýnunda oýunçy 12 gol geçirip, iki netijeli geçirim etdi.


düýn 23:00
1k+

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.5k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......