«Superdoganlar Mario kinoda» 2023-nji ýylda ilkinji bolup 1 milliard dollar gazandy

  • 02.05.2023 14:33
  • 4.6k+

«Superdoganlar Mario kinoda» multfilmi 2023-nji ýylda bir milliard gazanmagy başaran ilkinji film boldy. Bu netijä ýetmek üçin Illumination, Universal we Nintendo kompaniýalarynyň bu taslamasyna 26 gün gerek boldy.

Nobatdaky uik-endden (hepde soňy) soň, filmiň umumy gazanjy 1,022 milliard dollara ýetdi. Şolardan 490 mln dollary Demirgazyk Amerikanyň paýyna we 531 mln dollary halkara çäklere degişlidir. Bu film pandemiýadan bäri milliard görkezijini külterlemegi başaran bäşinji filmdir. Milliard üýşürenler — «Möý adam: Öýe ýol ýok», «Awatar: Suwuň ýoly», «Ýura döwrüniň dünýäsi: Agalyk» we «Top Gan: Mewerik».
«Mario» şeýle hem milliard gazanmagy başaran taryhda 11-nji multfilm boldy. Onuň sýužeti meşhur suw turba bejerijiler Mario we Luiji barada hem-de olaryň şagyzy Piçi halas etmek üçin synanyşyklary barada gürrüň berýär. Multfilmde rollara Kris Pratt, Anýa Teýlor-Joý we Jek Blek ses berdi.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
365

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......