Alibaba-nyň esaslandyryjysy Jek Ma Tokio uniwersitetinde professor boldy

  • 01.05.2023 23:27
  • 13k+

Hytaýly milliarder we Alibaba Group kompaniýasynyň esaslandyryjysy Jek Ma (Forbes-iň hasaplamasy boýunça, baýlygy $23,7 mlrd) Tokio uniwersitetiniň kollejinde çagyrylan professor wezipesini aldy. Bu barada ýokary okuw mekdebiniň beýanyna salgylanyp, Reuters agentligi habar berýär.

Kollejiň Jek Ma bilen şertnamasy oktýabr aýynda tamamlanar, ýöne ol her ýyl uzaldylar. Telekeçi menejment we biznesi ýola goýmak boýunça leksiýa okar we talyplara gözleg temalary boýunça maslahat berer.
Jek Manyň hakyky ady – Ma Ýun. 1990-njy ýyllaryň ahyrynda ol ilkibaşda girdeji getirmedik, ýöne uly maýa goýumlary çekip, işjeň ösüp başlan Alibaba kompaniýasyny esaslandyrdy. Onuň taslamalarynyň biri AliExpress internet dükanydy. 2019-njy ýylda Jek Ma Alibaba-nyň ýolbaşçylygyny terk etdi.
Jek Manyň ýene bir kompaniýasy Ant Group-dyr.

düýn 11:29
3.7k+

Specialized 12 müň dollarlyk dag elektrik welosipedini çykardy

Specialized kompaniýasy bahasy 12 müň dollar bolan «Levo 4 X» atly täze dag elektrik welosipedini tanyşdyrdy....

düýn 11:16
762

Pirelli 2028-nji ýyla çenli «Formula-1» üçin tekerleriň ýeke-täk üpjünçisi bolup galar

«Formula-1» we Halkara awtomobil federasiýasy (FIA) Italiýanyň Pirelli kompaniýasy bilen baglaşylan ylalaşygyň möhletini 2028-nji ýyla çenli uzaltdy. Öndüriji çempionat, şeýle-de «Formula-2», «Formula-3» we......

düýn 09:59
925

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

15.06.2026 19:06
1.1k+

LEGO 1 552 bölekden ybarat «Habbl» kosmos teleskopunyň toplumyny çykarýar

Internetde LEGO Icons 10382 Hubble Space Telescope toplumy barada maglumatlar peýda boldy. Bu gurnama 1990-njy ýyldan bäri orbitada işleýän we astronomiýa taryhyndaky iň meşhur ylmy gurallaryň birine öwrülen......