«Türkmenistan-Hytaý» gaz geçirijisiniň 4-nji şahasynyň Täjigistandaky gurluşygynda 2719 hünärmen işlär

  • 30.04.2023 10:15
  • 20k+

Täjigistan 2023-nji ýylda «Türkmenistan — Hytaý» gaz geçirijisiniň D şahasynyň gurluşygyna daşary ýurtly işçi güýjüni çekmek üçin kwota berer. 2719 hünärmen respublikanyň çägindäki işlere gatnaşyp biler.

Orient agentliginiň Asia Plus-a salgylanyp habar bermegine görä, bu barada maglumat Prezident Emomali Rahmon tarapyndan degişli karara gol çekilenden soň belli boldy.
Bu sanyň köpüsiniň Hytaýdan gelen hünärmenlere degişlidigi bellärliklidir. Gurluşyk işgärleriniň 70% tehniki işler, 30% administratiw işler bilen meşgullanar. Kwota Pekin bilen Duşanbäniň arasyndaky şertnama laýyklykda kesgitlenildi.
Täjigistan eýýäm taslamanyň durmuşa geçirilmegi üçin ähli zerur infrastrukturany, şol sanda umumy uzynlygy 60 km-den gowrak 42 tunel döretdi. Taslamanyň özi Täjigistana 3 milliard dollardan gowrak hytaý maýa goýumyny çekmäge mümkinçilik berer.
Gaz geçirijisiniň täze şahasy Hytaýyň Sinszýan-uýgur awtonom sebitiniň günorta we merkezi bölegine ýylda 30 milliard kub metr türkmen gazyny bermek üçin niýetlenendir. Gaz geçirijisiniň uzynlygy 1000 km töweregi bolar. Ol Özbegistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çäginden geçer.


düýn 19:01
3.3k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....

02.06.2026 12:40
3.2k+

Kaliforniýada kömürturşy gazyny ýeriň astyna gysyp guýmaga başladylar

Kaliforniýa ştatynda kömürturşy gazyny (CO2) tutup almak we ony ýeriň astynda uzak wagtlaýyn saklamak boýunça ilkinji senagat kärhanasy — «Carbon TerraVault I» işe başlady....

17.01.2026 08:47
5.4k+

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda döwrebaplaşdyryş işleri geçiriler

16-njy ýanwarda geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer B.Amanow “Türkmennebit” döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi...

14.01.2026 11:30
4k+

Hazarly känindäki täze guýudan kuwwatly gaz akymy alyndy

Lebap welaýatyndaky Hazarly käninde ýerleşýän täze guýudan tebigy gazyň kuwwatly akymy alyndy diýip, "Nebit-Gaz" gazeti habar berýär. Bu netije "Türkmengeologiýa" döwlet korporasiýasynyň "Marynebitgazgözleg" ekspedisiýasy tarapyndan burawlanan "Hazarly-3" guýusyna degişlidir...