Täze Samsung Galaxy S24 flagmany elektrokaryňky ýaly akkumulýatora eýe bolar

  • 25.04.2023 11:25
  • 18k+

Samsung kompaniýasy özüniň indiki flagman smartfonyny döretmek üçin awtomobil tehnologiýasyny ulanar. Bu barada SamMobile portaly habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Eger çeşmä salgylansaň, gürrüň elektrokarlar üçin akkumulýator öndürmekde ulanylýan “ýerleşdirip goýma” usuly barada gidýär. Munuň üçin elektrik hereketlendirijili awtomobiller üçin litiý-ion batareýalaryny döretmek bilen meşgullanýan Samsung SDI bölümçesiniň hünärmenleri işe çekiler.
Şeýle usul batareýalaryň sygymyny ýokarlandyrar (10%-e çenli) we SamMobile portalynyň maglumatlaryna görä, eýýäm brendiň indiki flagman smartfonlar hatarynda – Samsung Galaxy S24-de ulanylyp bilner.
Samsung-yň häzirki flagmany, S23 Ultra modeli 5000 mA/s sygymly akkumulýator bilen üpjün edilen. Gurluş ilkinji gezek 2023-nji ýylyň 1-nji fewralynda Galaxy Unpacked tanyşdyrylyş dabarasynda hödürlendi. Smartfon 2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda satuwa çykaryldy.

şu gün 10:41
87

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» premýeradan öňki kassa ýygymlary boýunça ýylyň rekordyny goýdy

«Oýnawaçlaryň hekaýaty-5» animasiýa filmi premýeradan öňki görkezilişlerde kassa ýygymlary boýunça 2026-njy ýylyň iň gowy netijesini görkezdi. Bu animasion taslama 17,5 million dollar gazandy diýip, «Variety»......

şu gün 10:39
333

Aktýor Çary Berdiýew Mariý halkara kinofestiwalynyň baýragyna mynasyp boldy

Türkmenistanyň we Özbegistanyň kinematografiýaçylary tarapyndan bilelikde döredilen «Magtymguly Pyragy» filmi 2026-njy ýylyň 15-19-njy iýuny aralygynda Ýoşkar-Olada (RF-iň Mariý El Respublikasy) geçirilen I......

düýn 20:25
6.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
8.1k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......