5-nji maýda Aýyň ýarym kölegeli tutulmasy bolar

  • 25.04.2023 11:09
  • 15k+

5-nji maýda Ýeriň ýaşaýjylary Aýyň ýarym kölegeli tutulmagyny synlap bilerler. Bu barada duşenbe güni TASS Moskwa Planetariýasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berdi.

Aý ýarym kölegeli tutulanda, Ýeriň kölegesiniň  ýarym kölege diýilýän daşky sebitinden geçýär. Bu gezek ol Mizan ýyldyzlar toplumynda bolmak bilen, onuň günorta böleginden geçer.
Planetariýada Aýyň anna gününden şenbe gününe geçilen gije 20:14-den 00:31-e çenli (aşgabat wagty) Ýeriň ýarym kölegesinden geçjekdigini kesgitlendi.
Aýyň tutulmagy 4 sagat 17 minut dowam eder. Onuň aňrybaş tutulmasy, tutuş Aý Ýeriň ýarym kölegesine doly çümüberende, aşgabat wagty bilen 22:23-de bolup geçer.

Alymlar şol wagt Aýyň demirgazyk gyrasynyň garaňkylygynyň açyk howada aç-açan göze görünjekdigini bellediler.
Aý tutulmasy Antarktidanyň, Aziýanyň köp böleginde, Günorta we Gündogar Ýewropada, Awstraliýada, Afrikada we Ýuwaş ummanyň, Atlantik we Hindi ummanlarynyň suwlarynda, Russiýanyň, Taýmyrdan we Çukotkadan başga, köp böleginde görner.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

09.04.2026 23:43
4k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......