2023-nji ýylyň iň gowy Android smartfonlary saýlandy

  • 24.04.2023 17:41
  • 21k+

Engadget portalynyň redaksiýasy 2023-nji ýylda satyn almak üçin maslahat berilýän birnäçe kategoriýada iň gowy Android smartfonlarynyň sanawyny düzdi. Iň gowy Android smartfony diýlip Google Pixel 7 Pro saýlandy. Bellenilişi ýaly, bu bazarda iň kuwwatly smartfon däl, ýöne Pixel 7 Pro-da öndürijilik ýetmezçiligi Google-yň programma üpjünçiligi bilen kompensirlenýär diýip, gazeta.ru belleýär.

OnePlus 11 orta klasdaky iň gowy Android smartfony kategoriýasynda ýeňiş gazandy. Bu gurluş pes baha uly ekranly, gowy kameraly we ýokary öndürijilikli smartfonlary isleýän ulanyjylar üçin laýyk bolar.
Iň gowy arzan smartfon Google Pixel 6a boldy. 6,1 dýuým OLED displeýli ykjam gurluş Google Tensor çibi, şeýle-de 6 GB operatiw ýat we 128 GB saklaýjy bilen üpjün edilendir.
Samsung Galaxy S23 Ultra iň gowy premium smartfon diýlip saýlandy. Bu flagman öndürijilikli demir, ýokary hilli ekran we bazardaky iň gowy kameralar ulgamynyň biri bilen enjamlaşdyrylan. Smartfon S Pen stilusyny götermegi bilen hem bäsdeşleriň arasynda tapawutlanýar.
Iň gowy eplenýän smartfon hökmünde Samsung Galaxy Z Fold4 saýlandy. Bu gurluş smartfony we planşeti öz içine alýar – Z Fold4 6,2 we 7,8 dýuýmly iki ekran bilen enjamlaşdyryldy. Şeýle-de, bu gurluşyň bazardaky IP68 standarty boýunça suwdan we tozandan goraga eýe bolan az sanly eplenýän smartfonlaryň biridigi bellenilýär.


19.06.2026 19:53
2k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

11.06.2026 14:00
2.9k+

Google ulanyjylary Chrome-y gyssagly täzelemäge çagyrýar

Google kompaniýasy Chrome brauzerinde howply gowşaklygy tapdy we ulanyjylara iň soňky howpsuzlyk täzelenmesini mümkin boldugyça gyssagly gurnamagy maslahat berýär. Bu 2026-njy ýylyň başyndan bäri ýüze......

03.06.2026 18:12
6.8k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....