Asus dünýäde iň inçe noutbugy anons etdi

  • 23.04.2023 18:12
  • 13k+

Taýwanyň Asus kompaniýasy galyňlygy 1 sm-den az bolan Zenbook S 13 OLED noutbugyny anons etdi, bu diagonaly 13,3 dýuým ekranly ähli leptoplaryň arasynda hakyky rekorddyr. Bu barada 3Dnews neşiri habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Bellenilişi ýaly, iň kiçi galyňlygy almak üçin Asus ýörite materiallary, ultra inçe OLED panelini we aýratyn çap edilen platalary ulandy. Öndürijiniň aýtmagyna görä, Zenbook S 13 OLED-iň gapagy beýleki noutbuklaryňkydan ortaça 25%, topkeýs bolsa 30% inçedir. Şeýle inçelige garamazdan, noutbukda sowadyş üçin wentilýatorlaryň bardygy hem bellärliklidir.
Şeýle-de, Zenbook S 13 OLED ýeňil gurluş. 1 kg agramy Asus magniý-alýuminiý erginini we gaýtadan işlenen çig maldan beýleki materiallary ulanmak arkaly gazandy.
Zenbook S 13 OLED birnäçe toplumda satylar. Iň ýokary görnüş soňky nesliň Intel Core i7 prosessoryna, LPDDR5 görnüşli 32 GB operatiw ýada, şeýle-de 1 TB sygymly SSD maglumat göterijisine eýe bolar.
Täze noutbugyň haçan satuwa çykjakdygy we bahasynyň näçe boljakdygy heniz habar berilmeýär.

şu gün 16:56
557

Ylym we tehnologiýalar boýunça Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanda adam maýasyny, ilatyň intellektual derejesini has-da ösdürmek, ýaşlary ylmy-barlag işlerine işjeň çekmek hem-de ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýalaryň gazananlaryny wagyz etmek maksady bilen,......

şu gün 12:41
912

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

şu gün 11:09
1k+

Alymlar Gün şöhlesinden we suwdan suwuk ýangyç almak üçin «emeli ýaprak» oýlap tapdylar

Ýel uniwersitetiniň ýolbaşçylygyndaky barlagçylar topary Gün energiýasyny ulanyp, suwy we uglerod iki oksidini metanola öwürmäge ukyply enjam döretdiler. Ulgam «emeli ýaprak» ýörelgesi boýunça işleýär we......

düýn 06:42
5.4k+

Niderlandlarda et ösdürip ýetişdirýän ilkinji ferma döredildi

Niderlandlaryň Shipluýden şäherinde emeli usulda et ösdürip ýetişdirýän dünýäde ilkinji ferma açyldy. «NL Times» neşiriniň ýazmagyna görä, bu kärhanada eti öndürmek üçin haýwanlar soýulmaýar....